Şu gün türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramy tebigatyň janlanmagyny, ýaşaýşyň täzelenmegini alamatlandyrýar. Baharyň gelmegi bilen daş-töweregimizdäki ähli zat gözümiziň alnynda özgerýär, reňbe-reň gül açýar, Zemin ýaşyl begrese bürenýär. Köpetdagyň dag etekleriniň ajaýyp tebigy gözelligi, ösümlikleriň we gülleriň ysy bark urýan arassa howa hemmeleriň göwnüni göterýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý medeni mirasynda mynasyp orun eýeleýän bu ajaýyp baýramyň köpasyrlyk däp-dessurlary täze mazmuna eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, Nowruz baýramy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň gün tertibiniň “Dünýä medeniýeti” bölüminiň çäklerinde 21-nji martda Halkara Nowruz gününi bellemek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi bu ajaýyp baýramyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, raýdaşlygy berkitmekde ähmiýetiniň ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şeýlelikde, Nowruz döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny we nesilleriň dowamatlylygyny, umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň mizemezligini özünde jemlemek bilen, medeniýetara dialogyň ajaýyp mysalydyr.
Kategoriýa: Jemgyýet
Çap edildi: 21.03.2025
Görülen sany: 98
Yza gitmek© 2025 Ähli huhuklar goralan